dagy

  1. Köplenç sözlemiň başynda gelip, «eýse, eýsem, ýogsa, ýogsam, başga» diýen manyda ulanylýan ownuk söz bölegi.

    • Dagy zat tapmadyňyzmy? !

  2. Özünden öň gelýän söze baglanyp ulanylýan jemleýji ownuk söz.

    • Taýlak hyzzyn, Ata pitik dagy eginleri horjunly haşlaşyp, howlynyň gapysyndan girdiler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Bahar, sen syrkawlap dagy etdiňmi? ! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Seni dagyny depäýse, edil serrelder goýber. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Agronom dagy öten agşam geldi.