daglyk

[da:glyk]

Dagy köp ýer, köp dagly ýurt.

  • Relefi beýikli-pesli bolan daglyk raýonlarda mal güýji aýratyn uly ähmiýete eýedir. («Sowet Türkmenistany» Gazýeti)

  • Biziň obamyz daglyk, Daglyk bolsa-da, baglyk. (N. Pomma, Goşgular)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem daglyk - daglygy.