daglatmak işlik

[da:glatmak]

  1. Dag basdyrmak, gyzdyrylan metal bilen tagma basdyrmak, tagmalatmak.

  2. Eti, sogany ýagda gowurmaçlatmak.

  3. Könelişen söz Tebipçilikde: käbir agyra, ýara gyzdyrylan metal basdyrmak.

  4. Göçme manyda Biriniň kemçiligini, nädogry eden işini ýüzüne diýdirmek, ýüzüne aýtdyrmak, duzlatmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem daglatmak - dagladýar, dagladar, dagladypdyr.