daglamak işlik

[da:glamak]

  1. Dag basmak, tagma basmak, gyzdyrylan metal bilen tagmalamak.

    • Şol kanunlara boýun egmedikleri gyzgyn demir bilen daglap tagmalaýar ekenler. (Orta Asyrlar Taryhy)

    • Ýogyn zynjyr bilen gollaryp baglap, Kesdi dillerini ot bilen daglap. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Eti, sogany ýaga gowurmaçlamak.

  3. Könelişen söz Käbir agyra, ýara gyzdyrylan metal basmak (tebipleriň, medisina ylmyna esaslanmadyk tebipçilik usuly).

  4. Göçme manyda Biriniň kemçiligini, nädogry eden işini ýüzüne diýmek, ýüzüne aýtmak, duzlamak.

ýürek daglamak

seret ýürek1

  • Şum rakyplar meniň golum baglady, Ýüregimi hijran oduna daglady. («Görogly» eposy)

  • Sen meni ataryp otly tagana, Ýüregimi daglaýarmyň, eje jan? (B. Kerbabaýew, Aýlar)