dagatmak işlik

[da:gatmak]

  1. Dagynyk hala getirmek, pytratmak, ýaýratmak.

    • Firidun aýgyt bilen ýedi ädimi gaýratly ätläp, üýşmek topragy dagatdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Her kimi öz ugruna goýbermek, kowmak.

    • Märekäni dagatmak.

  3. Bölüp her haýsyny bir ugra dargatmak, böleklere bölmek.

  4. Sandan galdyrmak, ýyrtmak.

  5. Weýran etmek, çaşyrmak, sandan çykarmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dagatmak - dagadýar, dagadar, dagadypdyr.