dagamak işlik

[da:gamak]

  1. Pytrap gitmek, dagynyk hala geçmek, ýaýramak.

    • Hikmet Isfahany Musa aganyň boýnundan basyp, dagap ýatan bugdaýy görkezdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Her kim öz ugruna gitmek, dargamak, pytramak.

    • Myhmanlar giçden soň dagadylar. (A. S. Puşkin, Tabytçy)

  3. Bölünip her haýsy bir ýerde bolmak, böleklere bölünip gitmek.

  4. Köp ulanmak zerarly sandan galmak, ýyrtylmak.

    • Onuň eşigi dagapdyr.

  5. Weýran bolmak, çaşmak.

    • Köne çatma halys dagandyr.

deregi dagamak

Halys zat galman gutarmak, ýok bolup gitmek (ýaşaýyş, durmuş barada).

  • Ol pahyryň deregi dagady.