dagaşmak işlik

[da:gaşmak]

  1. Pytraşyp gitmek, ýaýraşyp ýatmak.

  2. Kem-kemden dagamak, ýuwaş-ýuwaşdan pytraşyp gitmek, dargaşmak.

    • Daýhanlar özleriniň talaplary kabul edilendir öýdüp, dagaşyp gidipdirler. (Orta Asyrlar Taryhy)

    • Toý gutarandan soň, okuwçylar öýli-öýüne dagaşyp başladylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  3. Bölünişip her haýsy bir ýerde bolmak, böleklere bölünişmek.

  4. Ýuwaş-ýuwaşdan ýyrtylyp gitmek, ýyrtylyşmak.

    • Öýüň eşigi dagaşypdyr.

  5. Köp ulanylmak zerarly sandan galyp başlamak, dargap başlamak, bölek-bölek bolmak.

    • Arabamyz dagaşyp başlapdyr.