dag1 at

[da:g]

Tekizlikleriň belli bir ýerlerinde ýokary galyp giden daş jynsly, massaly beýiklikler.

  • Gör, nähili görnükli, keremli daglar! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar -- diýip, halk nakylynda aýdylýar.

  • Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny -- söz. (nakyl)

  • Dag başy dumansyz bolmaz, är başy -- hyýalsyz. (nakyl)

dabarasy dagaşmak

seret dabara

  • Tüweleme, dabaraňyz dag aşýar. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  • Şondan soň Rejebiň dabarasy dag aşdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

dag2 at

[da:g]

Salnan tagma, belgi, nyşan.

dag basmak

Gyzdyrylan metal bilen tagma salmak, nyşan galdyrmak.

  • Tebip ejäniň saçy sary, Dag basmakdyr ökde käri. («Tokmak» žurnaly)

ýürekde dag galmak

seret ýürek1

  • Jellatlar tapmasyn derdine derman, Ýüreginde galsyn dag bilen arman. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)