dabyrdaşmak işlik

Gaty çalt çapyşyp geçmek, gelmek.

  • Atlylar öňki gelişleri ýaly, ýene dabyrdaşyp gitdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Atlylar atgulaklaryny galgadyşyp, dabyrdaşyp ugranlarynda bolsa, şol magnit onuň ýüregini sogrup alyp giden ýaly boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)