dabara at

  1. Bir wakanyň şanyna geçirilýän uly baýram, tomaşa, şadyýanlyk, şowhun.

  2. Joşgunly ruhubelentlik, göçgünlilik.

    • Ol şol geýimleri geýnip, dabara bilen klasa girdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ýüzünde dabara, şatlyk duýulmaýardy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  3. Üstünlik, ýeňiş, at-abraý, at, taryp, şöhrat.

    • Dabarasy bütin äleme doldy, Batyrlar döreýär biziň ýerlerde. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

    • Asuda ýurdumda her ýan baksam-da, Dabarasy joşup, asmana galýar. (K. Işanow, Watan Üçin)

dabara düşmek

Hemmeleri geň galdyrýan habar ýaýramak.

  • Bir kiçijik oglan şeýle bir uly iş bitiripdir -- diýip, il içine dabara düşdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

dabarasy dag aşmak

Köp ýere ady ýaýramak, ady äleme dolmak.

  • Ol gün onuň dabarasy dag aşýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gel, söýgülim, toý edeli, Dabarasy daglar aşsyn. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)