daşary1

Jaýyň daş tarapy, howly, köçe.

  • Daşardan maşynyň signaly eşidildi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna d, k, r, s sesleri bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, soňundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem daşary - daşarda, daşarrak, daşarsy, daşarlarynda.

daşary ýurt

seret ýurt

  • Daşary ýurda turist bolup gitmek.

daşary2

Bellenen mukdaryndan köp, artyk, agdyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna d, k, r, s sesleri bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, soňundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem daşary - daşarda, daşarrak, daşarsy, daşarlarynda.

adatdan daşary

seret adat

  • Adatdan daşary çagyrylan gurultaý.

  • Adatdan daşary ýagdaý.