Öz ejeňiň aýal doganlaryna we onuň erkek doganlarynyň aýallaryna degişlilikde garyndaşlyk aragatnaşygyny görkezýän söz.
Men öten agşam seniň ýanyňa mazalyja gürleşmäge barypdym welin, arman, daýzaň bilen daýyň geläýen ekenler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Umuman özüňden uly aýal maşgala hormat bilen ýüz tutulyp aýdylýan söz.
Daýza, ol diýýäniň kim? («Tokmak» žurnaly)
Ýene çaý bar -- diýip, Altyn kesäni alyp doldurdy-da, Gözel daýza uzatdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)