[da:ýy]
Öz ejeňiň erkek doganlaryna hem-de şol tarapdan bolan erkek adamlara degişlilikde garyndaşlyk aragatnaşygyny görkezýän söz.
Asyl seniň ýeliňe-ygyňa düşer ýaly däl, kakaňda-ha şeýle häsiýet düýbünden ýokdy, daýylaryňda hem şeýle häsiýetlisi ýokdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Hem daýymlara barýaryn, hem taýyma baş öwredýärin. (nakyl)
Umuman özüňden uly erkek adamlara hormat bilen ýüz tutulyp aýdylýan söz.