daýanmak1 işlik

Aýak üstüne galmak, guratlanmak, sagalmak.

  • Ol indi birneme daýandy.

daýanmak2 işlik

  1. Birine, bir zada bil baglamak, arkalanmak.

    • Kakaň hem kakaň welin, öz garyňa hem daýanmak gerek. («Tokmak» žurnaly)

  2. Esas edinmek, esaslanmak.

  3. Aýak çekmek, durmak, togtamak, säginmek.

    • Şol barmana bir dagyň düýbüne baryp daýandyk. (Myraly)