düzetmek işlik

  1. Abat etmek, dikeltmek, bejermek, abatlamak.

    • Çerkez oturgyçlary düzetdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Öňki normal we adamkärçilikli ýagdaýyna getirmek, adam hataryna goşmak.

    • Öýkeleşigiň ýaraşygy şonda bolup biler, haçan ýalňyşan tarapyň öz ýalňyşyny düzetmek üçin ýüreginde güýçli isleg dörese. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Belli bir derejede tertibe salmak, düzgüne salmak.

    • Wüşi kel çommalyp oturyşyny düzedip ynjalyklaşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem düzetmek - düzedýär, düzeder, düzedipdir.

demiňi düzetmek

Asuda dem alyp, özüňe gelmek, özüňi rastlamak, normal hala gelmek.

  • Güller gülüp gelýär elin uzadyp, Ýagmyr öňe ädýär demin düzedip. («Sowet edebiýaty» žurnaly)