düzdürmek işlik

  1. Birnäçe zady ýüpe, çişe we ş. m. yzygiderli ötürtmek.

    • Şol çebişlerden biriniň iki buduny aldyr-da, çişe düzdür! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Kirişlerini çekdirip sesini sazlatmak (saz gurallary barada).

    • Tamdyrany düzdürmek.

  3. Döretdirmek, ýazdyrmak (şygyr we ş. m.).

    • Goşgy düzdürmek.

    • Sözlem düzdürmek.

  4. Ownuk böleklerini, şaýlaryny ýygnap ýola saldyrmak, abat etdirmek, gurdurmak.