düwmek işlik

  1. Bir zady matanyň, ýaglygyň içine salyp, dolap daňmak, düwünçek edip baglamak.

    • Gyzlar, şu ýartyja almany görýäňizmi? Şuny men häzir bir düwünçejige düwüp goýýaryn. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)

  2. Ýüpüň, ýüplügiň we ş. m. ujuny daňmak, çigmek.

    • Ýüplügiň ujuny düwmek.

  3. Miwe getirmek, miwelemek.

    • Men garaşdym agaç miwe düwende. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem düwmek - düwdüm, düwdüň, düwüpdir.

ýumruk düwmek

seret ýumruk

  • Ol zöwwe ýerinden galyp, ýumrugyny düwdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýürege düwmek

seret ýürek1

  • Bahar ýüregine düwen bir zadyny ýene soramakçy boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)