düwür

Bir zadyň ownuk bölegi, kiçijik bölejigi, däne.

  • Arkasyna hamyrturşynyň bir düwrüni çeýnäp çaldym-da, suraty tamymyzyň diwaryna ýelmedim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýagşy ýigit, bir düwur nabat tapyp getirsene, çaýy ýürek almajak, bolýar! (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem düwür - düwrüm, düwrüň, düwri.