düwünçek

  1. Içine zat salnyp düwlen ýaglyk ýa-da mata bölegi.

    • Ol dolangy düwünçegi ýaşulynyň aýagynyň ýanynda goýupdyr. («Mydam taýýar» gazeti)

    • Toýa gelenlere düwünçek paýlandy.

  2. Gök ekiniň, miweli agaçlaryň täzeje düwüp başlan miwesi.

    • Ol garşy-garşy eglip, gowaçanyň düwünçeklerine syn edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem düwünçek - düwünçegi.


Duş gelýän formalary
  • düwünçege
  • düwünçegi
  • düwünçegidi
  • düwünçegim
  • düwünçegin
  • düwünçeginde
  • düwünçeginden
  • düwünçegine
  • düwünçegini
  • düwünçeginiň
  • düwünçegiň
  • düwünçegiňi
  • düwünçekde
  • düwünçekden
  • düwünçekdäki
  • düwünçekler
  • düwünçeklerden
  • düwünçeklere
  • düwünçekleri
  • düwünçeklerine
  • düwünçeklerinedir
  • düwünçeklerini
  • düwünçekleriniň
  • düwünçekleriň
  • düwünçekleriňdir
  • düwünçekleýin
  • düwünçekli
  • düwünçeklik
  • düwünçekmi