düwün

  1. Ýüpüň we ş. m. zatlaryň düwlen ýeri, çigin.

  2. Şahanyň, baldagyň pyntyk ýaryp çybyk çykaran ýeri, tüňňi ýeri.

  3. Göçme manyda Bir zatdan galan agyr täsir, dag, ahmyr, kine.

    • Şeýle çözüldi ol öýkäniň düwni. (R. Seýidow, Bagtlylar)

  4. Ýara, tüňňi, ýumry.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem düwün - düwnüm, düwnüň, düwni.