Bir zadyň ýiti ujuny bir ýere sançmak, sokmak.
Onuň tenine naýza dürtüp soranlarynda-da, «bilemokdan» başga jogap bermedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir zadyň ýüzüni deşik-deşik, dürtük-dürtük edip çykmak.
Çöregiň ýüzüni dürtmek.
Ýere sanjyp ekmek, oturtmak.
Biriniň böwrüne kakmak, duýdurmak.
Göçme manyda Bir işi etmeklige ündemek, bir işi etmekligini duýdurtmak, ýatladyp durmak.
Şondan soň Öwez gapdalyndaky oturanyň böwrüne barmak bilen dürtüp, ikisi tirkeşip daş çykdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Heniz hem onuň ýoldaşlary eýlesinden-beýlesinden, dürtüp: -- Annaguly, aýagyňy düz, aňkarma! -- diýip goldap barýarlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem dürtmek - dürtdüm, dürtdüň, dürtüpdir.
Özünden bilmez, aýtmasaň ýadyna düşmez.