dürteklemek işlik

  1. Yzly-yzyna dürtmek, birnäçe gezek dürtüp azar bermek.

    • Olar biri-birlerini dürtekläp, şoňa baka okduryldylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol meni dürtekläp oturtmady.

  2. Dürtük-dürtük etmek.

    • Petirlik hamyryň ýüzüni dürtekläp çykmak.

  3. Bir zady hemişe ýadyna salyp durmak, gaýtalap-gaýtalap aýdyp etdirmek.

  4. Birini bir hyýala ündemek, küşgülewik bermek.