dürsemek dür‧se‧mek işlik

Ýagdaýyňy gowulandyrmak, hal-ýagdaýyňy oňatlaşdyrmak, özüňi tutmak, özüňi rastlamak.

  • Oňa özüni dürsemäge maý bermedi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  • Her näme hem bolsa, ol özüni birneme dürsedi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ol şeýle diýdi-de, uludan demini dürsedi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Ýokary geç, otur, demiňi-dagy bir dürse ahyry -- diýip, ýerinde oturdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • dürsedi
  • dürsediler
  • dürsedim
  • dürsejek
  • dürsemek
  • dürsemeli
  • dürsemäge
  • dürsemän
  • dürseýän
  • dürseýänçä
  • dürseýär
  • dürsän
  • dürsände
  • dürsänden
  • dürsänlerinden
  • dürsänsoň
  • dürsäp
  • dürsäpdirler
  • dürsär
  • dürsäýin
  • dürsäň