dürs

  1. Dogry, mamla, hak.

    • Seniňki, heleý han, dürs -- diýip, kepbeden çykyp gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Ýerbe-ýer, öz ýerinde, dogry.

    • Akyly bir dürsmükä? -- diýip, men öz-özüme bir topar sorag berdim. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem dürs - dürsüm, dürsüň.

aýagyny dürs basmak

seret aýak

  • Sen aýagyňy dürs basmaýarsyň -- diýip, Gülsoltany ilden gabanýandygyny, Akgözel ejäniň ýüzüne bazladyp basdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)