dürli sypat

  1. Birmeňzeş däl, biri-birine meňzemeýän, biri-birinden üýtgeşik, aýry-aýry, her hili.

    • Soýlan goýnuň eti kaklandy we dürli naharlar taýýarlanmaga başlandy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Her hili, her tüýsli.

    • Garaz, ol dürli hünärlere baş urdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Dostum, häir ikirjiňlemek ýagty däl, aýgyt etmek, dürli kynlykdan baş çykarmak wagty. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem dürli - dürlüde, dürlüler, dürlüsi.