dürdäne

  1. Dür ýaly, düre meňzeş; dürüň togalagy, däne-dänesi.

    • Dürdäne der geldi garry hem ýaşa, Çözülýär kyn işleň çolaşyk towy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Manyly, akylly, mazmunly, ajaýyp.

    • Ýetdi bütin ýer ýüzüniň halkyna, Altyndan agdygrak dürdäne hatyň. («Edebiýat»)

dürdäne saçmak

Manyly gürlemek, akylly gürrüň etmek, labyzly, mylaýym gürlemek.