Daşdaky zatlara seretmek üçin iki sany aýnaly turbajyklardan ybarat, elde göterilýän optiki gural.
Ol özüniň elindäki dürbüsi bilen üznüksiz garaýar; käte dürbüsine ynanmaýan ýaly, ýönekeý göz bilen garaýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýefreýtor dürbüsini tutup, öňlerine, gapdallaryna seredip barýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem dürbi - dürbüde, dürbüler, dürbüsi.