Mala bermek üçin çapylan ýorunjany, bedäni, samany we ş. m. garyp, kepek sepilip taýýarlanýan iýmit.
Myrat ot bedäni samana garyp, erkegiň ahyryna dürüşde dökdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Göçme manyda Garym-gatym, bulam-bujar, garyşyk, gatyşyk.
Şorta, bälçik sözleriň dürüşdesi edilip garyşdyrylan bu sözler özüne göre manysyz däldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Dürüşde bolup maslyk bilen ýatagy, Pälinden tapypdyr päli azan ýagy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)