dür at

Mollýusklaryň bedeninde emele gelýän däne, hünji görnüşli gyzgylt ýa-da sarymtyl-ak reňkli gymmatbaha gaty jisim.

  • Derýadaky dür dek dürdäne derler Syrygýar ýaňakdan mysaly simap. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Hatyňyz ne ajaýyp, sözleriň dür mysaly. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem dür - dürüm, dürüň.

dür saçmak

Manyly gürrüň etmek, labyzly, mylaýym gürlemek.

  • Ol aýbogdaşyny gurup dür saçýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Halk içinde dürler saçan dutarym. (R. Seýidow, Eserler)

elinden dür dökülmek

seret el

  • Biziň brigadamyzda işleýän gyzlaryň haýsyny görseň, elinden dür dökülýän ussadyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)