dünýä dün‧ýä

  1. Bütin älem, jahan.

    • Öz ömrüniň sonunda ýagty dünýäniň şöhratly şöhlesine buýsanjaňlara birnäçe söz galdyryp gitmek küýüne düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Dünýäniň eşreti hem öz gazanjy iýip, geýip, höwesli ýaşamak ahyry. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Biziň ýaşaýan planetamyz, ýer ýüzi, ýer şary, ýer togalagy.

    • Dünýä belli halyçylyk işinde, Çeper nagşa ökdeläpdir elleriň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Aýratyn jemgyýetçilik gurluşly adamzat jemgyýeti.

  4. Wakalaryň, predmetleriň ýaşaýyş durmuşynyň bir oblasty.

    • Ösümlikler dünýäsi. Organiki dünýä.

dünýä dursun, sen dur!

Ömrüň uzak bolsun, ölmäýediň, uzak ýaşa manysynda aýdylýan aňlatma.

dünýä inmek

Eneden bolmak, dogmak.

  • Ondan bir gyzjagaz dünýä indi. («Tokmak» žurnaly)

dünýäden bihabar

Hiç zatdan habarsyz, hiç zat bilmeýän.

  • Döwekçiler öz işleri bilen güýmenip, dünýäden bihabardylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

dünýäden habarly

seret habarly

  • Hut bütin dünýäden habarly adam hökmünde gürrüň berýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

dünýäden ötmek

seret ötmek

  • Onuň yzy bilen aýaly hem dünýäden ötdi. («Görogly» eposy)

dünýäň laýtymyna gelmek

Dünýäň daralmak, örän gaty darykmak.


Duş gelýän formalary
  • dünýä-de
  • dünýäde
  • dünýäden
  • dünýädenem
  • dünýädi
  • dünýädigini
  • dünýädir
  • dünýädäki
  • dünýäler
  • dünýälere
  • dünýäleri
  • dünýälerimi
  • dünýälerinde
  • dünýälerindäki
  • dünýälerine
  • dünýälerini
  • dünýäleriniň
  • dünýäleriň
  • dünýäli
  • dünýälige
  • dünýälik
  • dünýälikde
  • dünýälikden
  • dünýälilik
  • dünýäm
  • dünýämde
  • dünýämden
  • dünýäme
  • dünýämi
  • dünýämiz
  • dünýämize
  • dünýämizi
  • dünýämiziň
  • dünýämiň
  • dünýänem
  • dünýäni
  • dünýäniň
  • dünýäsi
  • dünýäsi-de
  • dünýäsidir
  • dünýäsin
  • dünýäsinde
  • dünýäsinden
  • dünýäsindäki
  • dünýäsine
  • dünýäsini
  • dünýäsiniň
  • dünýäň
  • dünýäňden
  • dünýäňe
  • dünýäňem
  • dünýäňi
  • dünýäňiz
  • dünýäňizden