dümewlemek işlik

Sowuklamak zerarly ýeňilräk syrkawlamak, sowuklamak, nähoşlamak.

  • Ol azajyk dümewläpdir. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Gül eje dümewläp, nähoş ýatyr. (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi)

  • Ol elmydama gany gaçan, hor, dümewlän ýagdaýdady. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • dümewledi
  • dümewledim
  • dümewlediňmi
  • dümewleme
  • dümewlemek
  • dümewlemeýärdi
  • dümewlemäniň
  • dümewleýär
  • dümewleýärler
  • dümewlän
  • dümewländir
  • dümewläniň
  • dümewläp
  • dümewläpdir
  • dümewläpmi