Ýokardan aşaklygyna gaçmak, dökülmek.
Alma, biş, agzyma düş. (nakyl)
Aşak inmek, aşaklygyna ýöremek, oturan ýa-da duran zadyň üstünden aýrylmak.
Kabinadaky gara köýnekli ýigit hem maşyndan düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bir gün Aşgabatdan samolýot geldi, Oň içinden düşdi ak ýektaý gelin. (A. Haýydow, Gök asman)
Ol ýabysyndan syrylyp düşdi-de, guýynyň gyrasyndan iki ädim gaýrada durup, bedresini guýa sallamaga durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Içine girmek, içinde bolmak, içine gaçmak.
Ýuwunmak.
Gelelim bäri, iki gezek narzana düşdüm. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Akyl ýetirmek, pähim etmek, aňlamak, aňşyrmak, bilmek, düşünmek.
Men oňa näme ýamanlyk edýänligime düşemok. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Peýda bolmak, getirilmek, görünmek (bazarda).
Bazara gawun düşüpdir.
Peýda bermek, haýyr etmek, ýaramak.
Peselmek, azalmak.
Derýanyň suwy gün-günden düşýär.
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem düşmek - düşdüm, düşdüň, düşüpdir.
seret aş
Bagt getirmek.
seret çöke
Ol dikelmek isledi, emma ýaralaryndan gan akmak bilen ysgyny gaçan eken, ol zordan çöke düşüp bildi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
El.
seret el
Ele düşmän sag-aman gelen ýeriň hem örän gowy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret et
Pulsuz, zatsyz galmak, ýagdaýyň peselmek.
seret göz
Gyzyň gözi owadan ata düşenden, ýüzi açyldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret göz
seret hal
Haldan düşüp, ýassyga baş goýdy. (Aýbek, Nowaýy)
seret howsala
seret pikir
seret säw
seret takat
Daňdandan bäri işledilýän, yssyda gurpdan, takatdan düşen öküzler çalajadan gymyldaýardylar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
seret ýol
seret ýürek 1
Döwekçileriň goşunda ýagly gowurmanyň kändigini görüp, nahar etdirmek onuň ýüregine düşen bolmaga çemeli. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)