Düşýän girdeji, gazanç, haýyr, peýda (pul hakda).
Ýüňüni egirýärdi, gurçugyny ýarpasyna tutýardy, düşewünt getirýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Onuň jübüsine düşewünt düşýärmikä? (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem düşewünt - düşewündi.