Düşek ýazylyp goýulmak, düşek ýazylmak, düşeklenmek.
Azerbaýjanyň agaçly hem suwly kentleri, ýazda ýaşyl haly düşelen ýaly, sapaly çemenleri we daglary şol ýatlama bilen deňeşdireniňde, oňa hakyky jennet ýaly göründi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Günüň şöhlesi ýeriň ýüzüne öýme ýaglyk ýaly düşeldi. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Öýüň törüne täze halylar düşeldi.
Bir zadyň üsti tutuş örtülmek (ýol we ş. m. hakda).
Emma ol yz howlynyň içindäki çagyl düşelen ýerlerde gözden ýitip gidýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)