düşek dü‧şek at

  1. Ýatmak üçin gerekli zatlar (ýorganjyk, düşekçe we ş. m.).

    • Gurt tüneksiz it ýaly ygyp, daňdanlar öýlerine gelip, hemişe salnyp goýluşy ýaly ertire boş çykýan düşegine geçip ýatdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Düşemek, ýere ýazmak üçin ulanylýan zatlar (keçe, haly we ş. m.).

    • Waleýkim, gel Berdi aga, düşek üstünden otur! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Aleýkim essalam, hoş gelipsiňiz, myhmanlar, düşek üstüne geçip oturyň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem düşek - düşegi.

düşegi ýumşamak

Baran ýerinde gürleşip arkaýyn oturmak, eglenmek.

  • Onuň düşegi ýumşady. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

düşek salmak

Ýatmak üçin ýorgan-düşek ýazmak.


Duş gelýän formalary
  • düşege
  • düşegem
  • düşegi
  • düşegi-de
  • düşegidir
  • düşegim
  • düşegimde
  • düşegime
  • düşegimi
  • düşegimiziň
  • düşeginde
  • düşeginden
  • düşegine
  • düşegini
  • düşegini-de
  • düşeginiň
  • düşegiň
  • düşegiňde
  • düşegiňe
  • düşegiňem
  • düşegiňi
  • düşek-de
  • düşekde
  • düşekdedi
  • düşekden
  • düşekdir
  • düşekdäki
  • düşekler
  • düşeklerde
  • düşeklerden
  • düşeklere
  • düşekleri
  • düşeklerimize
  • düşeklerinde
  • düşeklerinden
  • düşeklerine
  • düşeklerini
  • düşekleriniň
  • düşekleriň
  • düşekli
  • düşeklige
  • düşekligiň
  • düşeklik
  • düşekmi
  • düşeksiz
  • düşekçe