düşbi

Bir zada tizlik bilen düşünýän, tiz pähim edýän, pähimli, zehinli; düşgür, duýgur.

  • Ol örän düşbi oglandy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Hany özüň ýaly düşbi adam. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem düşbi - düşbüde, düşbüler, düşbüsi.