düşbülik düş‧bü‧lik

Bir zada tizlik bilen düşünmeklik, tiz pähim edijilik, pähimlilik, zehinlilik, düşgürlik.

  • Çaganyň enesine çalym edýän mylaýym tebigaty, adama ýakymlylygy, ýaşyna laýyk gelmeýän düşbüligi Anuşa täsir ederdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Onuň düşbüligi, aňy-düşünjesi ösüp we artyp başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem düşbülik - düşbüligi.


Duş gelýän formalary
  • düşbüligi
  • düşbüligine
  • düşbüligini