düşürmek işlik

  1. Ýokardan ýa-da eliňden aşaklygyna gaçyrmak, ýere gaçyrmak.

    • Käbiri bolsa tamdyrda çöregini ýandyrýar ýa-da düşürýär-de: -- Şu saparky unumyz erbet -- diýip, öz günäsini hem bugdaýyň, unuň üstüne ýükleýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Bir zadyň üstünden alyp, ýerde goýmak, bir zadyň üstünden ýere indermek, düşmäge hemaýat etmek.

    • Ony göterip diýen ýaly maşyndan düşürdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ondan Aýna ejäni goltuklap düşürdiler. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Oňa dil gaýtarman, bedrelerine goýup, küýzesini düşürip, aglamjyrap, öýe girip gitdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Hoşgeldi öýden çykyp, furgonçy bilen birlikde goşlary düşürmäge başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Gepleşik dili Akyl ýetirmek, aňlatmak, düşündirmek.

ele düşürmek

seret el

  • Wepa bu işi bilen bir erbet duşmany ýanynyň nökerleri bilen birlikde ele düşürdi. (A. Gowşudow, Eserler)

jaýyna düşürmek

seret jaý

  • Öz mertebesini belent tutdy, tüýs jaýyna düşürdi. (M. Gorkiý, Ene)

ruhdan düşürmek

seret ruh

  • Ekilen däneler taşlanan ýerinde galyp, şüdügäriň tozap ýatmagy, ýylyň ýaman rejesi daýhany ruhdan düşürdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)