düşünmek işlik

  1. Pikirlenip manysyny aňlamak, oýlanyp manysyny bilmek, akyl ýetirmek, bilmek.

    • Pökgi walanyň soňky sözüne hiç kim düşünmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Daýhan hiç bir zat düşünmeýär -- diýen oý seniň göwnüňe gelmesin. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Men diňe şol belgiden bärde azat, erkana, buýsançly gezýän -- diýip düşünýärdiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. seret ýuwunmak

    • Ol suwa düşündi, akja boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)