düňk

  1. Kerwende düýä dakylýan uly jaň.

    • Ejeligimiň dili hatardaky düňküň dili ýaly birsyhly waňlap durýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. seret düňküldi

    • Aşyk, düňk edip, alçy münüpdir. (H. Ysmaýylow, Powestler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem düňk - düňküm, düňküň.

düňk ýasamak

Ylgap gitmek, gaty ylgap, düňküldäp gitmek.

  • Kerim ejesine tarap düňk ýasady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • düňki
  • düňküň