düňelek

  1. Bir formasyz tokga bölek, uly ýumry bölek.

    • Ol özüniň ullakan gysajy bilen bir düňelek demri körügiň üstünde goýup, körügini basýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Tagaşyksyz togalak, etli-ganly, ýognas.

    • Onuň yzyndaky kelte aýakly gyr ýabynyň üstündäki mähnet düňelek adam ýabysyny ýüzin salyp barýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem düňelek - düňelegi.