düňdermek işlik

Düýbüni ýokaryk edip agdarmak, düýbüni ýokaryk edip öwürmek, agzyny aşak edip goýmak.

  • Ol tamdyrynyň agzyna köne çoýun gazan düňderip goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ogulbike çemçe we çanagyny ýuwup, gazanynyň üstüne düňderdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • düňderdi
  • düňderdigini
  • düňderdim
  • düňderem
  • düňderenini
  • düňdererin
  • düňderip
  • düňderipdir-de
  • düňdermegi
  • düňdermek
  • düňdermesin
  • düňdermäge
  • düňderäýmek