düňderilmek işlik

  1. Düýbi ýokaryk bolup agdarylmak.

    • Taz ýaly gaýkyjyklap, jaýtaryp duran döşleriňi düňderilen käse ýaly edip, kime güjeňleýäniňi-de bilýärin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Bir ýüzünden ikinji bir ýüzüne agdarylmak, öwrülmek, ýykylmak.

    • Düşündiňmi, maýam? -- diýip, başlyk gaharly gepläp, düňderilip ýatjak bolsa-da Akbibi ony ygtyýaryna goýmady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  3. Aýlanyp, towlanyp akmak, bulanyp akmak (suw hakda).

    • Artyk düňderilip barýan suwa göz gezdirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Mele suw düňderilip, şaglap akanda, Derek ýapraklary oňa ses goşýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)