Gysylyp ýygrylmak, kiçelmek, gorkmak.
Samraýar ýene-de Ene düýrügip, Howpa düşýär, akýar ýaşy syrygyp. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Näme üçin ol gijikdi? Näm bolduka Nabada? Birdenkä ol düýrükdi, Aýbyn saldy-da ýada. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem düýrükmek - düýrügýär, düýrüger, düýrügipdir.