düýe

Zoologiýa Çydamlylygy bilen tapawutlanýan bir ýa-da iki örküçli, gäwüşeýän iri öý haýwany.

  • Sähet daň bilen turup, öz adamlary bile ýola düşmek üçin azyk-suwluklaryny düýelere ýükleşdirmek işi bilen meşguldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Düýe öz boýnunyň egrisini bilmän, ýylana egri diýermiş. (nakyl)

  • Düýe çökerip, çemmer işme. (nakyl)

  • Düýe köşegini gowy görse, hem deper, hem gapar. (nakyl)

  • Çöken düýe ýer alar. (nakyl)

  • Düýe münüp, hataba bukma. (nakyl)