dözmek işlik

  1. Birehim bolmak, rehimsizlik etmek, göz gyýmak, nebsiň agyrmazlyk.

    • Siz neneň meni şoňa bermäge dözjek. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Çydam etmek, döz gelmek, çydamak.

    • Mydam sen diýp gezerin, Jebriňe-de dözerin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem dözmek - dözdüm, dözdüň, dözüpdir.