dözümli sypat

  1. Her bir zada dözüp bilýän, çydam edýän, çydamly.

    • Ýurduň başyna şeýle ýagdaý düşen wagtynda, elbetde, kynçylyklara dözümli bolmaly. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Gaýratly, berk, ynamly.

    • Hatyja ony has hem dözümli tutdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Duldaky, gylyjy aldy eline, Dözümli ädimläp düşdi ýoluna. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Iki ýana dözümli silterleýen maşyn rahatlanmaga maý bermeýärdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  3. Merhemetsiz.