döwtalap

Bir ýumşy bitirmäge, bir ýere gitmäge we ş. m. meýilli, höwesli.

  • Onuň bikärligini şatlykly geçirmäge döwtalap myhmanlardan öýi doly bolardy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  • Näme, onuň özi döwtalap bolup geçendir öýdýärmiň?! (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem döwtalap - döwtalaby.


Duş gelýän formalary
  • döwtalapdy
  • döwtalapdygy
  • döwtalapdygyna
  • döwtalapdygyny
  • döwtalaplaryň
  • döwtalaplyk
  • döwtalaplylygy
  • döwtalaplylygyny
  • döwtalaplylyk