döwmek işlik

  1. Egip, egreldip, büküp ýa-da bir ýere güýçli urup böleklere bölmek, bölek-bölek etmek, syndyrmak.

    • Suw getiren hem bir, küýze döwen hem. (nakyl)

  2. Uşatmak, maýdalamak, ýarmak, owratmak.

    • Gant döwmek.

  3. Üwemek, owratmak.

    • Et döwmek.

  4. Gabykdan arassalamak (döwek, miwe hakda).

  5. Beden süňkleriň bir ýeri synmak.

    • Eşekden ýykylyp, elini döwüpdir.

  6. Sandan çykarmak, bozmak, zaýalamak.

    • Adamlar horlanarlar: maşynlaryny döwerler, suwlarynyň hemmesini içerler! -- diýip oýlandym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  7. Göçme manyda Berk tankyt etmek, pugta üstünden düşmek.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem döwmek - döwdüm, döwdüň, döwüpdir.