döwletli sypat

Mally-mülkli, barly, gurply, baý; köp maşgalaly, bagtly.

  • Hernä adyna eýelik etsin, döwletli bolsun! -- diýip, Artykgül eje-de öz gyzynyň aýdanyny makullady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Döwletli -- aş üstüne, bidöwlet -- käýinç üstüne. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • döwletliden
  • döwletlije
  • döwletliler
  • döwletlilige
  • döwletliligi
  • döwletliligimizi
  • döwletliligine
  • döwletliligini
  • döwletliliginiň
  • döwletliligiň
  • döwletlilik
  • döwletlilikden
  • döwletlini
  • döwletliniň